TM | RU
 

Adalat koshgi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy - Türkmenistanyň döwlet gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegi üpjün edýän döwlet edarasydyr. Gümrük gullugy 1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda döredildi.
Türkmenistanda bitewi gümrük syýasaty ýöredilýär. Hereket edýän Türkmenistanyň Gümrük kodeksi 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda kabul edildi. Häzirki wagtda täze Gümrük kodeksiniň taslamasy taýýarlanylýar. Gümrük kodeksiniň täze redaksiýasy milli tejribelere esaslanýar hem-de halkara kadalarynyň esasy ýörelgelerinden we binýatlyk düzgünlerinden ugur alnyp düzülýär. Täze Gümrük kodeksiniň güýje girmegi söwdanyň ösmegine, gümrük gözegçiligini we gümrük gullugynyň beýleki wezipeleriniň netijeli amala aşyrylmagyna saldamly ýardam berer.
Gümrük gullugynyň düzümine merkezi edara, 6 sany gümrükhana, 48 sany gümrük posty girýär.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň düzümi:
Ýolbaşçylar;
Gümrük gözegçiligini guramak bölümi;
Gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş bölümi;
Hukuk we halkara gatnaşyklary bölümi;
Gümrük tölegleri bölümi;
Işgärler bölümi;
Gümrük statistikasy bölümi;
Buhgalteriýa hasabaty bölümi;
Enjamlaýyn üpjünçilik we awtomatlaşdyrmak bölümi;
Umumy bölüm;
Hojalyk dolandyryş we gurluşyk bölümi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy
Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri 2022, 86 köçesi
Telefon: 38-06-46
Faks: 35-22-07
Bellik
Internet sahypasyndaky gümrük işine degişli hukuk namalaryň resmi kabul edilen türkmen dilindäki nusgasynyň hukuk taýdan güýji bardyr we olaryň beýleki dillerdäki nusgasy diňe terjimesi bolup, peýdalanyjylara amatly bolmagy üçin ýerleşdirilär.